
Türkmen alkogolsyz içgi öndürijisi Yupekchi Dubaýda geçirilýän Gulfood 2024 sergisine gatnaşýar we bu ýerde özüniň dürli görnüşli önümlerini hödürleýär.
Gulfood 2024 Pars aýlagynyň ýurtlarynyň azyk önümleriniň, içgileriň, myhmanhana-restoran işewürligi we aşpezçilik üçin enjamlarynyň iň iri halkara sergisidir. Bu ýyl sergä bütin dünýäden görlüp-eşidilmedik köp sanly öndüriji: 195 ýurtdan 5500-den gowrak kompaniýa gatnaşýar.
Yupekchi kompaniýasynyň wekiliniň bellemegine görä, Gulfood 2024 kärhananyň alkogolsyz içgileriniň dürli görnüşli tagamlaryny halkara jemgyýetçiligine görkezmäge mümkinçilik berýän özboluşly platformadyr.
Yupekchi kompaniýasynyň topary miwe şireleriniň, gazlandyrylan içgileriň, mineral we çüýşeli suwlaryň köp sanly görnüşlerini hödürledi. Diňe bir Türkmenistanyň içerki bazarynda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da ykrar edilen 10-dan gowrak brend görkezildi.
Yupekchi kompaniýasynyň diwarlygynda myhmanlar Bold, Bulvar, 7gen, Real, Buzz, Pökgi, Hoşal, Ýedigen, Näzli haryt nyşanly miwe şirelerini we gazlandyrylan içgileri dadyp bilerler.
Diwarlygyň çäklerinde halkara işewür toparlarynyň wekilleri Yupekchi kompaniýasynyň işgärleri bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyp bilerler.
Yupekchi kompaniýasy Gulfood 2024 sergisiniň ähli myhmanlaryny özüniň MP-250 belgili diwarlygyna gelip görmäge we Türkmenistanyň ýokary hilli önümleri bilen tanyşmaga çagyrýar.
Gulfood 2024 sergisi Dubaýdaky Halkara söwda merkezinde geçirilýär we 23-nji fewrala çenli dowam eder.
Habarlaşmak üçin maglumatlar: