Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Talyp gözeli 2024 bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Talyp gözeli  2024 bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda talyp gyzlaryň ugurtapyjylygyny, iş başarjaňlygyny, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, medeniýetini açyp görkezmek maksady bilen ýylyň-ýylyna geçirilýän Talyp gözeli 2024 bäsleşiginiň institut tapgyry boldy.

Talyp gözeli 2024 bäsleşiginiň birinji şertinde talyp gözelleri türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungatda we döredijilikdäki ukyp-başarnyklaryny hem-de üstümizdäki Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň joşgunly owazyny beýan edýän aýdym, goşgy, monologdyr sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň ikinji şertinde talyp gyzlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tagallasy bilen neşir edilen Bereketli türkmen saçagy atly kitapdan ugur alyp, milli tagam bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler.

Hünärim bar — hormatym bar diýip atlandyrylan üçünji şert boýunça bäsleşige gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyndan orun tapan keşde çekmek sungatyndaky ukyplaryny görkezdiler.

Gözellik bäsleşiginiň ýeňijileri ýörite eminler topary tarapyndan yglan edildi. Şeýlelikde, institutyň menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gurbangül Guljykowa Baş baýraga mynasyp bolup, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşikde ýeňiş gazanan talyp gyzlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwlet uniwersitetinde Talyp gözeli — 2024 bäsleşigi geçirildi
28-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Berdimuhamedow Türkmenistanda koronawirusyň bardygyny ýalana çykarmagyny dowam edýär,emma, ýurtda epidemologiýa howpsuzlygyna jogapkär ministrleri wezipesinden boşatdy
COVID-19: Talyplar okaýan sebitlerine goýberilmedi, okuwlaryň 1-nji sentýabrda başlajagy gümana
Türkmenistanyň bilim ministri düýpli kemçilikler üçin işden boşadyldy