Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy

7-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Arkadag şäherindäki Akhan atly bedewiň heýkeliniň ýanyndaky meýdança geldi.

Hormatly Arkadagymyz ýygnananlary ähli ýerde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen gutlap, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň ähmiýetini belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň Akhan şaýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň öňüni çekdi. Ýurdumyzda ynsan saglygy döwletimiziň baş baýlygydyr.Bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň maksady halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe we Olimpiýa hereketiniň, sportuň ösdürilmegine, bu ugra ilatyň, esasan-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegine uly üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Döwlet baýdagynyň sütüni dikeldilen meýdançanyň daşyndan aýlanyp, Arkadag şäheriniň köçeleri boýunça ýoly dowam etdirdiler.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäher häkimligi Aşgabat — Gökdepe ýolunda gurluşyk-gurnama işleriniň başlandygyny habar berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi
RUSSIA TODAY DOCUMENTARY AHALTEKE BEDEWLERI HAKYNDA FILMI SURATA DÜŞÜRÝÄR
Russia Today Documentary teleýaýlymy Türkmenistanda dokumental film surata düşürýär