Türkmen-italýan gatnaşyklary ösdürilýär

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň Prezidentiniň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň golaýlaşyp gelýän şanly 25 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Şunda Italiýanyň oňyn daşary syýasy ugry durmuşa geçirýän hem-de halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Italiýa Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan edip, jenap Luçano Gallini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de bu işi ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň Italiýa bilen netijeli gatnaşyklary, şol sanda Ýewropa bilen üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygyny nygtap, däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we italiýaly diplomat ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar.

Ýangyç-energetika toplumy barada aýdylanda bolsa, tutuş dünýäde meşhur bolan ENI italýan kompaniýasynyň ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli işleýändigi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny bellediler. Dokma pudagynda hem, hususan-da, ýurdumyzyň kärhanalaryny ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek ugrunda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýola goýuldy.

Ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýeti soňky ýyllarda türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşendiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasyna bolan resmi sapary döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm tapgyryna öwrüldi. Rimde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Şol saparyň çäklerinde milli Liderimiziň Italiýanyň iri işewürliginiň wekilleri bilen duşuşandygy hem bellärliklidir. Şol duşuşygyň barşynda dostlukly ýurduň esasy kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da giňeltmäge çalyşýandygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Bu ýerde amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň sentýabr aýynda Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň anyk gurallaryny kemala getirmek we onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak baradaky teklibi beýan etdi.

Ylym we bilim ulgamynda hem özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi bar. Italiýanyň esasy ugurdaş merkezi bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde italýan dili yzygiderli okadylýar. Häzirki döwrüň wehimlerini nazara almak bilen, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem möhüm bolup durýar.

Türkmenistan Italiýa medeni hyzmatdaşlyk bilelikdäki ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmek üçin hemişelik hereket edýän binýat bolup bilerdi. Milli Liderimiz ony döretmegiň maksada laýykdygy baradaky başlangyjy Italiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen ýokarda agzalan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda öňe sürdi.

Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz hem-de Italiýanyň doly ygtyýarly wekili BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler. Bu babatda taraplar birek-birege düşünýändiklerini, öňe sürülýän başlangyçlary özara goldaýandyklaryny hem-de sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat hormatly Prezidentimize döwletara gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz tarapyndan, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak esasynda guralýan hem-de taraplaryň uzakmöhletli bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan türkmen-italýan dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

The post Türkmen-italýan gatnaşyklary ösdürilýär appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan...
Hormatly Prezidentimiz italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Döwletara gatnaşyklaryň gerimi giňeldilýär
Serdar Berdimuhamedow Serjio Mattarellany gutlady