Türkmen kärhanasy azyk önümlerini saklamak üçin Rowachpack polipropilen torbalary öndürýär

Türkmen kärhanasy azyk önümlerini saklamak üçin Rowachpack polipropilen torbalary öndürýär

Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy Rowachpack haryt nyşany bilen polipropilen gaplaýyş önümlerini öndüriji türkmen kärhanasydyr we iri üpjün edijisidir. Häzirki wagtda kompaniýa önümlerini eksportyny artdyrmak hem-de polipropilen ýeňleri, tehniki we azyk torbalaryny, şeýle hem big-begleri (uly haltalary) öndürmek üçin iň soňky tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze zawodlary gurmak arkaly barha giňeýär.

Tehniki ýeňleriň/haltalaryň we big-begleriň (uly haltalaryň) önümçiliginden başga-da, Rowachpack iri azyk senagaty kärhanalary üçin eksport ugurly dürli ululykdaky we häsiýetli ak reňkli azyklyk torbalary taýýarlaýar.

Rowachpack azyk haltalary un, şeker, galla we beýleki azyk harytlary ýaly önümleri saklamak hem-de daşamak üçin niýetlenendir, olar kärhana tarapyndan diňe başlangyç çig maldan TNGIZT-de öndürilen polipropilenden taýýarlanylýar. Şeýle torbalar örän berkligi we goraýjy häsiýeti bilen tapawutlanýarlar. Şeýle hem olary ak reňki, ýagny bu görnüşli gabyň azyk önümlerini saklamak üçin niýetlenendigini görkezýän aýratynlygy esasynda tapawutlandyrmak aňsatdyr.

Kompaniýa öz önümlerini diňe eksport üçin öndürýär. Häzirki wagtda önümler Russiýa we GDA-nyň beýleki ýurtlaryna iberilýär.

Rowachlan Galkynysh HK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Aşgabatdaky tapgyrlary tamamlandy
TNGIZT AI-98 awtomobil benzininiň önümçiligine başlady
Futzal: Naýbaşy liga: Gümrükçi 13-nji ýeňşini gazandy
Futzal, Naýbaşy liga: Senagatbank ýaryş tertibindäki ýerini gorady
Futzal, Naýbaşy liga: 21-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri
Ýanwar-oktýabr: TNGIZT-da 4,08 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi