Futzal: Naýbaşy liga: Gümrükçi 13-nji ýeňşini gazandy

Futzal: Naýbaşy liga: Gümrükçi 13-nji ýeňşini gazandy

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 22-nji tapgyrynda Gümrükçi Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň toparyny 5:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň futzal topary 22-nji duşuşygyndaky 13-nji ýeňşini gazandy.

22-nji tapgyrdan soň utugyny 42-ä çykaran Gümrükçi ýaryş tertibiniň ilkinji üçlügine girmek üçin Senagatbank bilen ýiti göreş alyp barýar. Topar häzir üçünji orundaky garşydaşyndan 2 utuk yzda.

22 duşuşykda 16 utuk ýygnap bilen TNGIZT futzal topary bolsa altynjy basgançakda barýar.

5-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek 23-nji tapgyryň duşuşygynda Gümrükçi Ahal bilen, TNGIZT bolsa Senagatbank bilen güýç synanyşar.

22-nji tapgyryň duşuşygynyň Daşoguz şäherinde geçirilendigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Futzal, Naýbaşy liga: Köpetdag ýene ikinji orna düşdi
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Gümrükçi 10 pökgi geçiren ilkinji topar boldy
Futzal, Naýbaşy liga ― 2023: Senagatbank Deňizçiden soň Köpetdagyň hem badyny haýallatdy