Futzal, Naýbaşy liga: Köpetdag ýene ikinji orna düşdi

Futzal, Naýbaşy liga: Köpetdag ýene ikinji orna düşdi

Köpetdag futzal topary Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynda Senagatbankdan 2:3 hasabynda ýeňlip, çempionlyk göreşinde agyr ýara aldy. 26-njy tapgyrda Milli goşuny 4:1 hasabynda ýeňen Deňizçi utugyny 66-a çykaryp, birinji ornuň ýeke-täk eýesi boldy.

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda Gümrükçi Daşogzy jogapsyz pökgüleriň 6-sy bilen ýeňdi. TNGIZT bolsa Ahaldan 4:2 hasabynda üstün çykdy.

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 27-nji tapgyrynyň duşuşyklary 11-nji dekabrda geçiriler. Olarda Senagatbank bilen Gümrükçi, Ahal bilen Daşoguz, Milli goşun bilen Köpetdag, TNGIZT bilen Deňizçi güýç synanyşar.

26-njy tapgyryň netijeleri: Deňizçi Milli goşun 4:1 Köpetdag Senagatbank 2:3 Daşoguz Gümrükçi 0:6 Ahal TNGIZT 2:4

Ýaryş tertipnamasy:

Ýene degişli makalalar

Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy
Futzal, Naýbaşy liga: 12 golly duşuşykda Köpetdag uly hasap bilen ýeňiş gazandy
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy