Futzal, Naýbaşy liga: 21-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri

Futzal, Naýbaşy liga: 21-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 21-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde ýaryş tertibinde ilkinji üç orny eýeleýän Köpetdag, Deňizçi hem-de Senagatbank toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Köpetdag TNGIZT toparyny 10:1, Deňizçi Ahaly 7:0, Senagatbank topary bolsa Daşoguz toparyny 4:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda Gümrükçi Milli goşundan 4:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 54 utukdan toplan Köpetdag bilen Deňizçi toparlary ýaryş tertibinde ilkinji iki orny eýeleýärler. 41 utugy bolan Senagatbank topary üçünji orunda ornaşdy.

Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 22-nji tapgyrynyň duşuşyklary 24-nji noýabrda geçiriler: TNGIZT Gümrükçi, Ahal Köpetdag, Milli goşun Senagatbank, Daşoguz Deňizçi.

21-nji tapgyryň netijeleri: TNGIZT Köpetdag 1:10 Ahal Deňizçi 0:7 Milli goşun Gümrükçi 1:4 Senagatbank Daşoguz 4:3

Ýaryş tertipnamasy:

Ýene degişli makalalar

Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Futzal, Naýbaşy liga ― 2023: Senagatbank Deňizçiden soň Köpetdagyň hem badyny haýallatdy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Senagatbank bassyr ikinji ýeňşini gazandy
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Gümrükçi 10 pökgi geçiren ilkinji topar boldy