TNGIZT AI-98 awtomobil benzininiň önümçiligine başlady

TNGIZT AI-98 awtomobil benzininiň önümçiligine başlady

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary oktanly AI-98 awtomobil benzininiň senagat taýdan çykarylyşy özleşdirildi. AI-98 benzininiň ilkinji tapgyry eýýäm içerki bazara ýerlenildi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr web saýty habar berýär.

Çeşmede bellenilişi ýaly, benziniň AI-98 görnüşi pes oktanly benzinden onuň hilini gowulandyrjy madda we düzümini üýtgediji madda goşulyp taýýarlanylýar. Şu belgili benzin kameradaky basyşy artdymagyň hasabyna aňryçäk güýjüni görkezmäge ukyply hereketlendirijilere niýetlenen ýokary oktanly gowy ýangyçdyr.

AI-98 benzini esasan 12-den 14-e çenli ýokary gysyşly awtomobil motorlarynda ulanylýar. Ýokary antidetonasinon häsiýetleri (oktan sypatlary) netijesinde benzin hereketlendirijiniň kuwwatyny ýokarlandyrýar we maşynyň işleýiş sesini peselidip, tizlik alşyny gowulandyrýar, ýangyjyň harç edilişini ep-esli azaldýar.

Geljekde AI-98 awtomobil benzinini daşary ýurtlara eksport etmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Jynsy azlyklaryň wekilleri ýurtda özlerine ýowuz daraşylýandygyny aýdýar, Hajyýew 'beýle däl' diýýär
Samsung smartfonlarynyň täze tapgyryny AI Phone diýip täzeçe atlandyrmagy mümkin
Emeli aň boýunça ylalaşyk gazanyldy
Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi
Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky habarlar Ýer ýüzüniň 1,5 milliard adamyna ýetiriler
Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda atly mediaforum geçirildi
Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky habarlar Ýer ýüzüniň 1,5 miliard adamyna ýetiriler