“Turkmenportal” neşiri 24-nji aprelde Türkmenistandan goňşy döwletlere Mahmalagroprodukt brendi astynda her aýda 200 tonna pomidoryň eksport edilýändigini habar berdi.
Neşir ol önümleriň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda, “ösümlikleriň netijeli ösüşi üçin zerur bolan şertleri çyglylygy, ýylylyk kadalaryny, ýagtylygy onlaýn režiminde saklamak bilen” ýetişdirilýändigini aýdýar.
Şeýle-de, önüm öndürijiler hyýar, bolgar burçy, badamjan ýaly bakja önümlerini öndürip, GDA-nyň beýleki ýurtlaryna, ýewropa we arap ýurtlarynyň bazarlaryna çykmagy niýet edinýärler.
Emma, neşir pomidoryň haýsy ýurtlara eksport edilýändigini habar bermeýär.
Ýatladýarys, “Rosselhoznadzor” martyň ortasynda Orsýetiň Orenburg oblastynda eksporta ugradylan türkmen pomidorlarynyň zyýanly mör-möjekler tarapyndan zäherelen bolup çykandygyny habar berdi.
