Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory täzelendi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory täzelendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Maksat Begençewiç Çaryýewi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesine belläp, ony şol institutyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşatdy. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany degişli resminamalara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Mundan öň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ozalky rektory Maral Mämmetberdiýewna Kuliýewanyň iş ýeriniň üýtgedilip, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenilendigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda döredijilik bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi
Parahatçylygyň ýaş çaparlary taslamasynyň VIII saýlama bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we maslahatlar geçiriler
Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym