Türkmen talyplary Kazanda kiçi futbol boýunça geçirilen ýaryşyň ýeňijisi boldular

Türkmen talyplary Kazanda kiçi futbol boýunça geçirilen ýaryşyň ýeňijisi boldular

Ýakynda Kazan şäherinde üç aýyň dowamynda geçirilen Football Masters atly kiçi futbol boýunça tomusky ýaryş tamamlandy.

Arzyly kubok ugrundaky ýaryşa 10 topar gatnaşdy. Gyzykly duşuşyklaryň netijesinde ilkinji dört orny eýelän toparlar ýaryşy ýarym final we final tapgyrlary bilen dowam etdirmäge hukuk gazandylar.

Ýaryşda Kazan şäherinde bilim alýan türkmenistanly talyplardan düzülen Dostluk topary ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, Kubogyň eýesi boldy. Olara medallardyr Hormat hatlary hem gowşuryldy.

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen talyplarynyň toparynda Baýramgeldi Hümmetgeldiýew (derwezeçi), Abdyserdar Eminow, Ylýas Ekäýew, Bagtyýar Öwezberdiýew (ählisi goragçy), Ahmet Saryýew, Kerwen Hudaýberdiýew, Şöhrat Haýytmyradow, Merdan Annaberdiýew (ählisi ýarym goragçy), Kadyr Kadyrow we Çary Nyýazow (ikisi hem hüjümçi) dagylar esasy düzümde meýdana çykdylar.

Ýeri gelende aýtsak, Dostluk futbol topary Tatarystan Respublikasynda geçirilen ýaryşlaryň ençemesiniň ýeňijisidir. Bu toparyň Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Konsullygynyň ýanynda döredilendigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
“Realyň” oýunçysy Karim Benzema “Altyn topuň” eýesi boldy
Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy Golden Boy baýragynyň eýesi boldy
Taryhy ýeňişleriň başlangyjy ilkinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1974)