Türkmen telekeçiler täze alkogolsyz içgileriň önümçiligi ýola goýdular

Türkmen telekeçiler täze alkogolsyz içgileriň önümçiligi ýola goýdular

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Parahat hususy kärhanasy alkogolsyz içgileriň birnäçe täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy. Onuň Eçil, Ýeserje, Dat, Süýtli dere,

Däp, Han çaý, Özi, Arma, Han şöhlat, Güneşli, Köşüli haryt nyşanlarynyň üsti OK, Zor, 330 haryt nyşanlary bilen ýetirildi. Bu barada Rysgal gazetiniň 8-nji noýabrdaky sanynda habar berilýär.

Täze önümçiligiň ýola goýulmagy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda, has takygy, 1993-nji ýylda döredilen kärhananyň depginli ösýändigini görkezýär. Ol Türkmenistanda iri hem döwrebap hususy kärhanalaryň biri bolup, önümçiligi awtomatlaşdyrmak, oňa täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy hasaplanýar. Onuň ISO 22000:2005 halkara güwänamasy, abraýly sylaglarynyň hatarynda Altyn güýz Bütinrussiýa obasenagat sergisiniň altyn medaly hem bar.

Täzeçillik, döwrebaplyk, iň gowy hem ýokary hilli önümleri öndürmek, müşderileriň isleglerini öwrenip, önümçiligi ösdürmek Parahat hususy kärhanasynyň esasy ýörelgeleri hasaplanýar. Onuň bölümlerinde Ýewropanyň önüm öndürijileriniň enjamlary ornaşdyrylandyr.

OK alkogolsyz gazlandyrylan içgileriniň limonad, tarhun, kola, pyrtykal, emeli minerallaşdyrylyp gazlandyrylan görnüşleri öndürilýär.Olar 0,5 litrlik plastik gaplara gaplanýar.Täze önümleriň hatarynda 330 limon, şetdaly, tokaý miweleri tagamly sowuk çaýlary, nar tagamly içgisi hem-de Zor atly zirk we guarana tagamly gazlandyrylan alkogolsyz içgisi hem bar.

Olar 330 millilitr göwrümli plastik gaplarda öndürilýär.Kärhananyň täze görnüşli içgileriniň önümçiliginde ýokary derejede arassalanan agyz suwy ulanylýar.Iş wagty arassaçylyk kadalarynyň, zyýansyzlandyryş çäreleriniň berk berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň taekwondo ýygyndysy Merkezi Aziýanyň birinji çempionatynda 10 medal gazandy
Bagtsyzlygyň bagty
Jemal bagşynyň Ogulabat ejeli we alajaly ideýasy
TH tokmaklandan’ soň Aşgabatda sürüjileriň maşynlaryna alaja dakmagyny gadagan etdiler
Arkadag gurluşykkeşmi ýa gurluşykhor?