Türkmen tennisçisi ýetginjekleriň arasynda Kannda geçirilen halkara ýaryşda üçünji orny eýeledi

Türkmen tennisçisi ýetginjekleriň arasynda Kannda geçirilen halkara ýaryşda üçünji orny eýeledi

Türkmenistanly Isgender Ýagmyrow Kannyň (Fransiýa) Patrik Muratogly tennis akademiýasynda geçirilen halkara tennis ýaryşyň bürünç medalyna eýe boldy. Bu barada Türkmenportala Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan habar berildi.

Bu ýaryş abraýly akademiýanyň 14 — 16 ýaşly ýetginjekleriniň we okuwçylarynyň arasynda geçirildi.

Isgender Ýagmyrow sport ussady we Türkmenistan milli ýygyndysynyň agzasy Ýuri Rogusskiniň ýolbaşçylygynda bary-ýogy iki ýyl bäri tennis oýnaýar.

Türkmen tennisçisi Patrik Muratogly Tennis akademiýasynda bir aý bäri türgenleşik geçýär. Okuw-türgenleşik işleri günde iki gezek geçirilýär.

Dünýäniň ilkinji raketkasy russiýaly Daniil Medwedewiň hem şol akademiýada türgenleşýändigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Mekdeplerde sapaklar pandemiýadan öňki tertipde okadylýar, maska talaby saklanýar
Turkmenportal bilen BMGÖM-iň arasynda Ähtnama gol çekildi
Lebapda şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sany görnetin az boldy
Aşgabatda baýramçylyk at çapyşygynda çapyksuwar heläk boldy
Türkmenistan Türkiýe bilen wiza režimini girizen badyna Stambula adaty uçar gatnawyny ýola goýdy
Türkmenderýa gyrmançadan arassalanýar, Aşgabat suw meselesini çözýärmi?
Türkmenistanda ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karzlaryň möçberi köpeldildi