Türkmen we Hytaý tarapy 4-nji gaz geçirijiden iberiljek gazyň bahasyny ylalaşar

Türkmen we Hytaý tarapy 4-nji gaz geçirijiden iberiljek gazyň bahasyny ylalaşar

5-nji fewralda Pekinde geçirilen ýokary derejeli türkmen-hytaý gepleşikleriniň barşynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça geljekde bilelikde ýerine ýetiriljek işleriň çäklerinde tebigy gaza bolan baha meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegiň zerurdygy nygtaldy.

"Bu meseleler boýunça alnyp baryljak bilelikdäki işleriň dowamynda türkmen we hytaý kärdeşleriniň harytlyk turbageçirijiniň üstünden geçýän gazyň bahasy babatda dünýä tejribesinden ugur aljakdyklaryna bil baglaýaryn" diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň dowamynda aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmekde türkmen tarapy Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýasynyň “Galkynyş” gaz käniniň 2-nji tapgyryny Hytaý tarapynyň maýa goýum serişdesiniň hasabyna işläp taýýarlamagyna gatnaşmak hakyndaky meselelere seredip biler. Şunda hytaý tarapynyň gönükdiren maýa serişdeleri ugradylýan türkmen gazynyň hasabyna yzyna gaýtarylar.

Şeýlelikde, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý we hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmegi tabşyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan-Hytaý: telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalarynyň ösdürilmegi maslahatlaşyldy
TDH: Aşgabat we Pekin Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň taslamasy boýunça ylalaşdy
Türkmenistandan Hytaýa uzaýan 4-nji gaz geçirijiniň gurluşygy ylalaşyldy
TDH: Aşgabat we Pekin Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň taslamasy boýunça ylalaşdy
Türkmenistan Hytaýa iberiljek tebigy gazyň bahasyna täzeden sereder
Türkmen tebigy gazynyň Hytaýa ugradyljak möçberi kesgitlener