Türkmen wekiliýeti GDA-nyň ykdysady forumyna gatnaşar

Türkmen wekiliýeti GDA-nyň ykdysady forumyna gatnaşar

Türkmen wekiliýeti 17-nji martda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de Integrasiýa gepleşikleri: GDA, ÝYHG, ŞHG, BRIKS atly GDA-a agza ýurtlaryň XV Halkara ykdysady forumyna gatnaşar. Bu çärelere gatnaşjak türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk eder.

Forumyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, nobatdaky mejlis GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň goldaw bermeginde GDA-nyň ykdysady ösüşi üçin işewürlik merkezi birleşigi tarapyndan guralýar we GDA agza ýurtlaryň degişli döwlet düzümleriniň gatnaşmagynda işewürlik meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm ähmiýetli her ýyllyk platforma bolup durýar.

Forumyň wezipesi bilelikdäki kararlary kabul etmekden, özara hyzmatdaşlygy ösdürmekden, gatnaşyjylaryň gyzyklanmalaryny kesgitlemekden, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan, pikir alyşmakdan we Arkalaşygyň ykdysady ösüşine tarap ädimleri meýilleşdirmekden ybaratdyr.

Dünýädäki çylşyrymly geosyýasy we ykdysady ýagdaýlaryň netijesinde, GDA ýurtlarynyň ÝYHG, ŞHG we BRIKS guramalaryna agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has derwaýys häsiýete eýe boldy.

Foruma GDA ýurtlarynyň Premýer-ministrleriniň orunbasarlary (GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň agzalary) ykdysady ösüş, maliýe, senagat we söwda ministrlikleriniň ýokary derejeli işgärleri, häkimiýetleriň, söwda we senagat edaralarynyň hem-de GDA agza döwletleriň telekeçileri gatnaşarlar.

Forumyň gün tertibi maliýe, senagat, saglygy goraýyş, ulag-logistika, ýaşyl ykdysadyýet we beýleki ugurlar boýunça pikir alyşmalary özünde jemleýär. Mundan başga-da, aýratyn ugurlar boýunça mejlisler, tegelek stol gepleşikleri hem-de foruma gatnaşyjylaryň taslamalarynyň sergisi geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum foruma gatnaşýar
Ministr Eýranyň iýulda ŞHG-iň agzasy boljakdygyny habar berdi
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Maslahaty Hindistanda Geçirler
Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyna garaşylýar
Gepleşik boýunça hyzmatdaşy derejesine eýe boldy
ŞHG ýeke-täk puly ulanmakçy däl