Türkmen wekiliýeti noýabr aýynda üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar

Türkmen wekiliýeti noýabr aýynda üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar

Noýabr aýynyň ikinji ongünlüginde Eýran Yslam Respublikasynda üçünji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa Hazarýaka döwletler bilen bir hatarda Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşar. Bu barada IRNA habarlar agentligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, üçünji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibinden ulag-logistika, nebit-gaz pudagy, maliýe we bank ulgamy, tehniki hyzmatdaşlyk we bilelikdäki önümçilikler ýaly ugurlar bilen bagly meseleler orun alar.

Eýranyň daşary işler ministriniň Hazar deňziniň meseleleri boýunça orunbasary Alireza Jahangiri anyk ugurlarda geljegi uly taslamalary meýilnamalaşdyrmak üçin foruma gatnaşyjy ýurtlaryň degişli institutlaryny we maliýe edaralaryny işjeň teklipler bilen çykyş etmäge çagyrdy diýip, IRNA-nyň habarynda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, birinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň awgustynda Türkmenistanda, has takygy, Awaza milli syýahatçylyk zolagyna geçirilipdi. Ikinji Hazar ykdysady forumy bolsa 2022-nji ýylyň oktýabrynda Moskwa şäherinde guraldy.

Ýene degişli makalalar

Ali Hamaneý, Yslamy Jihad Hereketiniň Baş Sekretaryny Kabul Etdi
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Türkmenistan, Eýran we Özbegistan wiza almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi maslahatlaşarlar
Eýranda çägeli tupan başdan geçirilýär
Eýranyň Kirman şäherinde partlama boldy
Eýranda Nebiti Gaýtadan İşleýän Zawodda Ýangyn Boldy