Türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary işler ministrliginde kabul edildi

Türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary işler ministrliginde kabul edildi

Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada saparda bolmagynyň çäklerinde, 30-njy sentýabrda bu ýurduň daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Resmi ýapon elektron neşirleriniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýoşikwa bilen gepleşikleri geçirdi.

Habar berlişi ýaly, ýapon tarapy türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesinde jaýlanyş çäresine gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de saparyň dowamynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýokary derejesi bilen gutlady.

Ýapon tarapy Merkezi Aziýa Ýaponiýa parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, bu ugurda Türkmen-ýapon parlamentara ligasynyň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine üns berilýändigini öňe sürdi.

Türkmen wekiliýeti, öz gezeginde, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Daşary işler ministrliginiň adyndan görnükli syýasatçy Sindzo Abeniň aradan çykmagyna ýene bir ýola gynanç bildirdi. Şeýle-de ýapon tarapyna Türkmenistanyň wekiliýetine hatyra çärelerine gatnaşmaga we ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmege beren ýardamy üçin hoşallyk sözleri aýdyldy

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak meseleleri hem maslahatlaşyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesindäki jaýlanyş çäresine gatnaşdy, şeýle-de Tokioda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kisida Fumio bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Ýene degişli makalalar

РАБОЧИЙ ВИЗИТ ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ МИЛЛИ ГЕНГЕША ТУРКМЕНИСТАНА В ЯПОНИЮ
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ilçi Atadurdy Baýramow Ýaponiýada işe başlady
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky täze ilçisi ýurduň Daşary işler ministrliginde kabul edildi
Türkmenistanyň welaýatlarynda resmi LC Waikiki dükanlary açylary, 2022-nji ýylyň 1-nji awgusty boýunça ýurdumyzda 2152 sany bankomat hereket edýär, Aşgabatdaky iş orunlarynyň ýarmarkasyna 45 sany hususy kärhana gatnaşdy