Türkmenabatda guduz itleriň ýarmagy sebäpli iki adam öldi

Türkmenabatda guduz itleriň ýarmagy sebäpli iki adam öldi

Geçen bir hepdäniň dowamynda Türkmenabatda guduzlan itleriň ýarmagy netijesinde iki adam heläk boldy. Bu barada habar berýän Azatlygyň habarçysy mundan soň sebitde öýsüz itdir-pişikleri öldürmek boýunça alnyp barylýan işleriň hasam güýçlendirilendigini gürrüň berdi. Şol bir wagtda türkmen häkimiýetleriniň, ösen döwletlerde bolşy ýaly, öýsüz jandarlara rehimlilik bilen daraşmagyň deregine, aňsadyna bakyp’, olary wagşylarça öldürmegi saýlap alýandygy bellenilýär.

“20-27-nji maý aralygynda Türkmenabadyň köçelerinde guduzlan itler azyndan iki adama topuldy. Munuň netijesinde, 40 ýaşyna ýetmedik bu adamlaryň ikisi-de kesele uçrap heläk boldy” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly lukmanlaryň biri 27-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz mundan soň, şäherde Arassaçylyk we keselleriň öňini alyş gullugynyň işgärleriniň käbir it eýeleriniň öýlerine aýlanyp, guduzlama garşy sanjym edip başlandyklaryny gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ýerli häkimiýetleriň öýsüz-öwzarsyz jandarlara rehim-şepagat görkezip, köçelerden ýygnamagyň ýa-da iň bolmanynda tutup sanjym etmegiň deregine, ozalky tejribelerine eýerip, janawarlary wagşylarça öldürmegi saýlap alýandyklary nygtalýar.

“Bu günler Türkmenabadyň etegindäki Daçalar’ atlandyrylýan sebitinde hakyna tutulan ýörite adamlar öýsüz itdir-pişikleri şol ýeriň özünde rehimsizlik bilen öldürýärler. Mundan başga-da, eýýäm zaýalanan etleriň içine zäher goşup, şäheriň zir-zibil gutularynyň golaýyna taşlaýarlar. 1-2 günden soň şol ýerlerde it maslyklary peýda bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Şahsyýetini aýan etmezligini soran 50 ýaşlaryndaky bilim işgäri çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine golaý mümkin howpy döredip biljek öýsüz jandarlaryň köçelerden ýygnalmaldygyny, emma itdir-pişikleri aňsadyna bakyp, il ortalaýyn gyrmagyň’ deregine, ösen ýurtlarda ulanylýan terjibelere baş goşmagyň has göwnejaý boljakdygyny aýtdy.

Adam hukuklaryny berk depemelekde tankytlanýan Türkmenistanyň hökümetiniň öýsüz-itdir pişikleri gyrmak’ boýunça alyp barýan kampaniýasynyň arasynda, dünýäniň ösen döwletleri bu janawarlary hem goramak boýunça kanunçylyk derejesinde tagalla edýärler.

Mysal üçin, Türkiýäniň Oba-hojalyk we tokaýlar boýunça ministrliginiň aprelde beren maglumatyna görä, soňky 18 aýyň dowamynda ýurtda 2,1 milliona golaý öýsüz jandarlara sanjym urlupdyr, 1,8 milliona golaýy tohumsyzlandyrylypdyr, şeýle-de 460 müňe ýakyny başpenlara ýerleşdirilipdir.

Mundan başga-da, türk hökümeti öýsüz jandarlary goramak boýunça pul serişdelerini goýbermek bilen, geçen ýyl Haýwanlary goramak boýunça ýörite kanuny kabul edildi.Oňa laýyklykda, 75 müň ilatly ýerlerde şu ýylyň aýagyna çenli we 25 müň 27 müň ilatly sebitlerde 2024-nji ýylyň ahyryna çenli hökmany ýagdaýda öýsüz haýwanlar üçin başpena gurulmaly. Şeýle-de, ilat sany bu görkezijilerden az bolan regionlar öýsüz haýwanlary iň ýakyn sebitdäki başpena äkitmäge borçlandyrylýar.

Türkmen häkimiýetleri indi ençeme ýyl bäri türkmen paýtagtyny we ýurduň sebitlerini "itlerden we pişiklerden arassalamak" işlerini geçirýärler.

Ýurt ýolbaşçylary “Türkmen alabaýy” çopan tohumyna degişli itiň kultuny ösdürýän mahaly, öýsüz-öwzarsyz haýwanlaryň köpçülikleýin tutulmagy we ýok edilmegi barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Galyberse-de, Türkmenabatda öýsüz itdir-pişikleri öldürmek işleriniň ýygjamlaşdyrylmagy, “Türkmen alabaý itleri” birleşiginiň başlygy wezipesini hem eýeleýän prezident Serdar Berdimuhamedowyň Lebaba etmegine garaşylýan saparyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

BMG Ukrainada Asuda İlatdan 10 Müň Adamyň Öldürilendigini Habar Berdi
“Azerbaýjanyň Goşunlaryna Gyýa Göz Bilen Garalmagyna Ýol Bermeris”
Billstrem: "Türkiyäniň aladalaryny çözeris" diýdi
Fransiýada polisiýa işgäri tarapyndan od açylan hüjümçi ýogaldy
ÝB-niň Russiýa garşy 10-njy sanksiýa bukjasy güýje girdi
El çarpylýan ýygnaklar, medallar 'SSSR-i ýykan däpleri dowam etdirýär'
TÄZE KITAPLAR