Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy Jingdong kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy Jingdong kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky topar Jingdong kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.

Kompaniýanyň wekilleri Türkmentel-2023 atly XVI Halkara sergisine we ylmy maslahatyna hem gatnaşdylar.

10-njy noýabrda bolan ikitaraplaýyn duşuşykda taraplar geljekki hyzmatdaşlyklar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de tehnologik kompaniýanyň maglumat, emeli aň, blok zynjyrlary we ş.m. tehnologiýanyň täze nesillerine esaslanmagy, olaryň mümkinçilikleri barada giňişleýin beýan edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, öz gezeginde türkmen tarapy hem kompaniýa bilen geljekde hyzmatdaşlygy ýola goýup, ony hasda giňeltmek we ösdürmek boýunça maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türk telewideniýe işgärleri türkmen kärdeşlerine täze iş usullaryny öwretdiler, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şäherçesinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň agzalygyna ilkinji saýlawlar geçirildi we bebleki habarlar
Erdogan Koreýa Respublikasynyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Günorta Koreýanyň we Russiýanyň Daşary Işler Ministri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Koreýa Respublikasynda saparda bolýar
Türkmen wekiliýeti birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşmeleriň işine gatnaşdy
Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek atly maslahata gatnaşdy
Merkezi Aziýa we Koreýa respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji forumy geçirildi