Türkmenistan 9 aýda Hytaýa 7,41 milliard amerikan dollarlyk tebigy gaz eksport etdi

Türkmenistan 9 aýda Hytaýa 7,41 milliard amerikan dollarlyk tebigy gaz eksport etdi

2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 7,41 milliard amerikan dollaryna deň tebigy gazy Hytaýa eksport etdi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berdi.

Türkmenistan hasabat döwründe Hytaýa tebigy gaz eksport etmekde ikinji orundan ýer aldy. Sanawyň birinji basgançagyny şu ýylyň dokuz aýynda umumy bahasy 8,92 milliard amerikan dollaryna barabar tebigy gazy Hytaý bazaryna iberen Russiýa Federasiýasy eýeledi. Şeýle-de ilkinji bäşlikden Indoneziýa (2 milliard dollar) Mýanma (1,12 milliard dollar) hem-de Gazagystan (959 million dollar) orun aldy.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Hytaýa iberilen türkmen gazynyň umumy bahasy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 90 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Has takygy, 2022-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistan umumy bahasy 7,32 milliard amerikan dollaryna barabar mawy ýangyjy Hytaýa eksport edipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş ederler
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmak üçin Gazagystana ugradylar
ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýar
“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy
Grandala gögümtil we goňrumtyl guşlar
Türkmenistan Minskde Ýewraziýanyň howpsuzlygy boýunça ýokary derejeli maslahata çagyryldy