Türkmenistan Amyderýanyň üstünden gurlan täze köprini ulanmagyň bahalaryny aýan etdi

Türkmenabat-Farap, Atamyrat-Kerkiçi awtoulag köprülerinden geçilende we Türkmenistanyň terriroriýasynda Çeýdi şäheriniň etrabyna girilende hem üstaşyr geçilende awtoulag eýelerinden töleg alynýar.Bu barada Halkara awtoulag ýük çekijiler birleşigi Türkmenistanyň DIM-ne salgylanmak bilen habar berýär.

• Ýeňil awtoulag serişdeleri $10;

• Awtobuslar $50;

• Ýük göterijiligine laýyklykda:

10 tonna çenli ýük göterýän awtoulag serişdeleri $40;

10-dan 20 tonna çenli ýük göterýän awtoulag serişdeleri çenli $60;

20 tonnadan ýük göterýän we umumy agramy 36 tonna çenli ýük awtoulag serişdeler $80;

• Umumy agramy 36 tonnadan ýokary bolan ýük awtoulag serişdeleri $100;

Ýatladýarys, Atamyrat-Kerkiçi demirýol köprüsi 2009-njy ýylda açyldy.

Amyderýanyň üstünden gurlan “Türkmenabat-Farap” awto we demirýoly 2017-nji ýylyň martynda ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugaty 2017-nji ýylyň maý aýynyň başynda ýurtda awtoýollaryň ulnaylmagy üçin töleg giriziljegini habar berdi. Häzirlikçe diňe uly göwrümli, kommersiýa ýüklerini çekýän ýük awtoulaglary üçin töleg girizmek planlaşdyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň ulag-logistika düzümi ösdürilýär
Ýapon teležurnalistleri Türkmenistanyň demir ýollarynda syýahat edýärler
Türkmenabatda Amyderýa güni“ bellenildi
Türkmenabatlylar prezidenti 'ýokary derejede garşy almaga' taýýarlanýar
Türkmenabat-Farap demirýol köprüsiniň ýanynda monument gurlar