Türkmenistan awiakompaniýasy Moskwadan ähli uçuşlary Kazanyň howa menziline gönükdirdi, Aşgabadyň Puşkin adyndaky teatrynda täze teatr möwsümi başlanýar, Şawat Daşoguz serhedinde Syýahatçylyk-maglumat merkezi açyldy we beýleki habarlar

Türkmenistan awiakompaniýasy Moskwadan ähli uçuşlary Kazanyň howa menziline gönükdirdi, Aşgabadyň Puşkin adyndaky teatrynda täze teatr möwsümi başlanýar, Şawat  Daşoguz serhedinde Syýahatçylyk-maglumat merkezi açyldy we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Türkmenistan awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti Kazan Aşgabat ugry boýunça amala aşyrylýan uçuşlaryň täzelenen tertibini hödürledi. Şu günden başlap bu ugur boýunça hepdede 5 uçuş amala aşyrylar. Uçuşlaryň tertibi bilen turkmenistanairlines.ru saýtynda has içgin tanşyp bilersiňiz.ş

2. Aşgabadyň Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda nobatdaky teatr möwsümi başlanar. Häzirden awgust aýy we sentýabr aýynyň başy üçin taýýarlanan çykyşlar mälimdir. Olar bilen biziň saýtymyzda tanşyp bilersiňiz. Teatryň repertuarynda konsert maksatnamalarynyň we Maşgala syry atly komediýa spektaklynyň ilkinji görkezilişiniň bardygyna ünsüňizi çekmek isleýäris.

3. Özbegistanyň we Türkmenistanyň serhedinde Syýahatçylyk-maglumat merkezi açyldy.Ol Bilelikdäki söwda zolagy döredilmegi göz öňünde tutulýan Şawat Daşoguz barlag-goýberiş nokadynyň çäginde ýerleşýär.Merkez syýahatçylara medeni ýadygärliklere baryp görmek, daşary ýurtlularyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň galmagynyň tertibi ýaly hyzmatlary hödürleýär, şeýle hem E-Mehmon (E-Myhman) ulgamynda hasaba almagy amala aşyrýar. Şeýle hem merkezde howa we demir ýol peteklerini, myhmanhana otaglaryny bronlamak, sim-kartlary satyn almak mümkindir.

4.Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurtda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Çap edilen maglumatlara görä, ýurduň käbir sebitlerinde yssy we gurak howa bolup, gündizlerine temperatura +42 gradusa çenli ýeter.

Gijelerine temperatura biraz pese düşer, emma şonda-da ýokary bolmagynda galar.Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurduň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýokary temperaturada seresaplylygy elden bermezligi, ýeterlik suw içmegi, göni Gün şöhlesinden gaça durmagy we başgap geýmegi maslahat berýär.

5. Eger-de siz arap tagamlaryny taýýarlamagy başarýan bolsaňyz we ýokary hünär derejesine eýe bolsaňyz, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda iş tapyp bilersiňiz. Ilçihana aşpez wezipesine boş iş ornunyň bardygynyyglan etdi we şu salgyda rezýumelere (CV) garaşýar: aboaous2030@gmail.com.

6. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Akdus atly alabaýynyň täze suratyny resmi sosial sahypasynda ýerleşdirdi. Respublikanyň Baştutany: Akdusdan tomus ýaly gyzgyn salamlar diýip ýazypdyr. Ýatlatsak, Tatarystanyň Baştutana ak reňkli alabaý güjübini türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow sowgat beripdi. Minnihanow öz alabaý itiniň suratlaryny köpçülige yzygiderli ýetirip durýar.

7. Belawiýa awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky ofisi Bitarap Türkmenistan şaýolundaky Elektronika dünýäsi binasyna geçdi. Ofis her gün 9:00-dan 17:00-a, şenbe günleri 9:00-dan 13:00-a çenli işleýär. Ýekşenbe günleri dynç günüdir. Belawiýa awiakompaniýasy Minsk bilen Türkmenbaşynyň arasynda hepdede iki gezek — sişenbe we şenbe günleri yzygiderli gatnawlary hödürleýär.

Dünýäde

8. Mail.ru poçtasy täze xmail.ru domenini döretdi, oňa Gmail hasabyňyzy adyňyz we hatlaryňyz bilen bilelikde geçirip bilersiňiz. xmail.ru-da poçta gutusy hasabyny Gmail poçta hyzmatynyň daşary ýurtly ulanyjylary açyp bilerler. Munuň üçin ýörite sahypa girmeli, Başlamak düwmesine basmaly, Google-akkaunty saýlamaly we Mail.ru poçtasyna maglumatlaryňyza adyňyz, poçta salgysyna, dil sazlamalaryna we profil suratyna elýeterlilik döretmeli.

9.Gruziýa Şowi şypahanasynda aradan çykanlar üçin ýas tutýar.Döwlet binalarynda baýdaklar düşürildi, ähli dynç alyş çäreleri ýatyryldy we teleýaýlymlaryň hem-de radio ýaýlymlarynyň ýaýlym tertibine üýtgeşmeler girizildi.

Soňky maglumatlara görä, ýer süýşgininiň netijesinde 18 adam pida boldy, ýene 16 adam dereksiz ýitdi.Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwilä Şowi şypahanasynyň çäginde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren ýer süýşgüni zerarly gynanç hatyny iberdi.Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.

Sport habarlary

10. Türkmen boksçysy Ýunus Gurbanow Moskwada geçirilen PRAVDA OLD SCHOOL BOXING ýaryşynyň çägindäki tutluşygynda ýeňiş gazanyp, professional boksdaky karýerasynda ilkinji ädimini şowly başlady. Türkmenbaşy şäherinde doglan Ýunus Gurbanow birinji raundda şeýle derejede ilkinji tutluşygyny geçirýän russiýaly Dmitriý Andreýewden tehniki nokaut bilen üstün çykdy.

Ýene degişli makalalar

Şu gün Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Daşoguz welaýatynda kartoşkadan ýylda iki hasyl alynýar
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
17.03.2020 | Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
Aşgabatda özbek wizasyny almak üçin her gün ýüzlerçe adam nobata durýar
Türkmenistan we Özbegistan serhet meselesi barada ýene pikir alyşdylar