Türkmenistan BB-niň JIÖ reýtinginde 88-nji orny eýeledi. Ýa-da 152-nji orny? (Üsti ýetirildi)

Bütindünýä banky JIÖ möçberleri boýunça 200 ýurduň reýtinglerini çap etdi. Türkmenistan sanawda $42,35 mlrd bilen 88-nji orny eýeledi.

Hökümete tarapdar internet neşiri “Arzuwyň” ýazmagyna görä, Türkmenistan BB-nyň ýokarky-90 ykdysady reýtingine girip, Gyrgyzystandan ($7,5 mlrd— 145-nji orun) we Täjigistandan ($7,1 mlrd — 147-nji orun) öňe geçdi, şeýle-de Özbegistandan ($48,7 mlrd — 85-nji orun) azajyk yza galdy.

Bellemek zerur, BB ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan berlen resmi maglumatlary ulanýar. Mundanam başga, Türkmenistanyň JIÖ-sy hasaplananda, ABŞ-nyň bir dollarynyň 3,5 manada deň bolan resmi kursy ulanyldy.

Belleýäris, Türkmenistanda walýuta konwertasiýasyna girizilen çäklendirmeler bilen baglylykda “gara bazar” döräp, dollary kursy şu ýylyň dowamynda esli ýokarlandy we bökjekläp durdy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” maglumatlaryna görä, ýylyň başynda “gara bazarda” dollary 11 manatdan satyn aldylar, maýyň aýagynda ol eýýäm 25 manada baryp ýetdi, emma häzir, walýutaçylara garşy göreş başlanandan soň, dollaryň bahasy 15 manada çenli aşak gaçdy.

JIÖ dollaryň bazar kursy boýunça gaýtadan hasaplanylanda JIÖ $9,87 mlrda barabar bolar. Bu ýaýgdaýda Türkmenistan Çad bilen Beniniň arasynda 139-njy orny alar.

Eger-de ýurduň JIÖ-sy maksimal kurs (25 manat) boýunça hasaplansa, onda Türkmenistan $5,92 mlrd bilen eýýäm 152-nji orny eýeläp, Guam (ilaty 160 müň adam) bilen Lihtenşteýniň (36 müň adam) arasynda bolup çykar.

Anyklaşdyrma.

BB-nyň reýtingi 2017-nji ýylda düzülipdir. geçen ýyl dollaryň kursy fewralda 7 mana bolanlygyndan dekabrda 10 manada çenli ýokarlandy. Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň JIÖ-si “gara bazar” nyrhynda dollarda gaýtadan hasaplansa, ortaça $17,4 mlrda barabar bolýar. Bu ýagdaýda Türkmenikstan Botswana bilen Zimbabwäniň arasynda 115-nji orny eýelär.

Säwlik üçin ötünç soraýarys.

Ýene degişli makalalar

AÖB: 2021-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ 5 göterim, inflýasiýa 12,5 göterim ösdi
Angola dünýäniň kofe bazaryna dolanýar
Nebitiň bahasy sişenbede 6 göterime golaý ýitgi çekdi
Kuba ykdysadyýetde kriptowalýutalary ulanyp başlar
Ýaponiýanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 2021-nji maliýe ýylynyň jemi boýunça 2,1% artdy
Gyrgystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Gyrgyzystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy