Türkmenistan bilen Gazagystan gurluşyk materiallarynyň iberilmegini artdyrmakçy

Türkmenistan bilen Gazagystan gurluşyk materiallarynyň iberilmegini artdyrmakçy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow Gazagystan Respublikasynyň senagat we gurluşyk ministri Ýersaýyn Nagaspaýew bilen Er-Riýadda duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar öz ýurtlarynda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň eksport-import mümkinçilikleriniň giňeldilmegini maslahatlaşdylar. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky Ilçihanasy habar berdi.

Gepleşikler 2025-nji ýylyň 2327-nji noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilýän BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) 21-nji Baş maslahatynyň çäginde geçirildi.

Taraplar metallurgiýa, maşyn gurluşygy hem-de gurluşyk materiallarynyň öndürilişi boýunça senagat gatnaşyklarynyň giňeldilmegine aýratyn üns berdiler.

Türkmen tarapy Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli sementiň görnüşleri, onuň eksport mümkinçilikleri, şeýle hem “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň önümçilik işleri barada giňişleýin maglumat berdi.

Aşgabat we Astana türkmen tebigy gazynyň Gazagystanyň çäginden üstaşyr Hytaýa, Eýrana we Günorta Aziýa ýurtlaryna ibermek mümkinçiliklerini hem öwrenýärler.

Ýene degişli makalalar

UNIDO-nyň senagat boýunça Baş maslahatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Er-Riýad şäherinde UNIDO-nyň Global senagat sammiti açyldy
UNIDO Türkmenistana ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri döretmekde goldaw bermäge taýýar
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy