Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

14-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy.

UNAOC: Adamzadyň bähbidine iki onýyllyk dialog: köppolýarly dünýäde özara hormat goýmagyň we düşünişmegiň täze döwrüni öňe sürmek atly mowzuga bagyşlanan forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan milli hökümetleriň wekillerini, öňdebaryjy ýaşlary we zenanlary, şeýle hem raýat jemgyýetiniň institutlarynyň we media düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi.

Çäre ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, dialogy ösdürmek we medeniýetara gymmatlyklary öňe sürmek boýunça pikirleri, garaýyşlary we tejribeleri alyşmak üçin netijeli meýdança bolmagy maksat edinýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow öz çykyşynda halkara gatnaşyklarda ynanyşmagyň gowşamagy we polýarlaşma şertlerinde BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň ähmiýetiniň artýandygyny nygtamak bilen, onuň işiniň Türkmenistanyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy bilen sazlaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň bilen bilelikde durmuşa geçirilmegi teklip edilýän Türkmenistanyň başlangyçlaryny hödürledi.

Olaryň hatarynda parahatçylyk we araçylyk medeniýetini öňe sürmek, ynsanperwer we medeniýetara dialogy ösdürmek, parahatçylyk döredijilikli hyzmatdaşlygyň sebit we ýaşlar platformalaryny döretmek, şeýle hem halklaryň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak ýaly ugurlar bar.

Forumyň jemleri boýunça Bileleşigiň geljekki ösüş tapgyryny kesgitleýän Er-Riýad Jarnamasy kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy
UNIDO-nyň senagat boýunça Baş maslahatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Er-Riýad şäherinde UNIDO-nyň Global senagat sammiti açyldy
Türkmenistan bilen Gazagystan gurluşyk materiallarynyň iberilmegini artdyrmakçy
UNIDO Türkmenistana ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri döretmekde goldaw bermäge taýýar
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp