UNIDO-nyň senagat boýunça Baş maslahatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministri Toýguly Nurow 2025-nji ýylyň 23-27-nji noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) 21-nji Baş maslahatynyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Senagat we gurluşyk ministri Ýersaýyn Nagaspaýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda senagat hyzmatdaşlygyny, esasan hem, metallurgiýa, maşyn gurluşygy we gurluşyk serişdeleri önümçiliginde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine üns çekildi. Taraplar Türkmenistanda we Gazagystanda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň eksportyny we importyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

T.Nurow Türkmenistanda hereket edýän sement zawodlarynyň ýokary hilli sement önümleriniň birnäçe görnüşini öndürýändigini belläp, bu önümiň eksport mümkinçilikleriniň bardygyny mälim etdi. Ministr Türkmen aýna önümleri zawodynyň işi barada hem gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Er-Riýad şäherinde UNIDO-nyň Global senagat sammiti açyldy
Türkmenistan bilen Gazagystan gurluşyk materiallarynyň iberilmegini artdyrmakçy
UNIDO Türkmenistana ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri döretmekde goldaw bermäge taýýar
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy