Türkmenistan bilen HZG-niň arasynda 2024-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen HZG-niň arasynda 2024-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beata Andresiň ýolbaşçylygynda HZG-niň wekiliýeti bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2023-nji ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna laýyklykda ozal geçirilen çäreleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we hyzmatdaşlygyň anyk ädimlerini kesgitlediler.

Duşuşygyň ahyrynda HZG-niň Sebitleýin direktory B.Andres türkmen tarapynyň Guramanyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny hemmetaraplaýyn ýerine ýetirmäge ygrarlylygyny goldady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-de Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi
Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti HZG bilen okuw saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi
Halkara Zähmet Guramasynyň Konwensiýasynyň ratifisirlenmeginiň namasy guramanyň ýolbaşçysyna gowşuryldy
BSGG hepdede näçe sagatdan artyk işlemegiň howpludygyny anyklady