Türkmenistan BMG-niň bosgunlar boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistan BMG-niň bosgunlar boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

19-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň (BMG BÝKM) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Hans Fridrih Şodder bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen bilelikdäki işlere gysgaça syn berildi, şeýle-de öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine garaldy.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy ugrundaky anyk hereketleri BMG BÝKM-niň 2014-2024-nji ýyllar üçin raýatsyzlygyň soňuna çykylmagy boýunça on ýyllyk I BELONG global kampaniýasynyň çäklerindäki çagyryşyna doly laýyk gelýär.

Türkmen tarapy BMG BÝKM-niň wekilini 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralandyrylmagyna bagyşlanyp geçiriljek parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidenti germaniýaly işewürleri kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Ženewada BSGG-niň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň we BSG-niň sebit direktorynyň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Jeňow (1923-1995) 100 ýyllygy