Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi köçeleri ýapyp, hereketi çäklendirip, mejbury ýörişler bilen belledi

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi köçeleri ýapyp, hereketi çäklendirip, mejbury ýörişler bilen belledi

Türkmenistan 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününi köpçülikleýin welosiped sürmek boýunça mejbury çäreler bilen belledi. Ýurt boýunça geçirilen welosiped ýörişleri ilatyň kadaly durmuşyny ýiti bökdedi. Köçeler ýapylyp, ulaglaryň hereketi çäklendirildi. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga gönükdirilendigi aýdylýan bu çäreler zerarly tiz kömek ulaglary barmaly ýerlerine wagtynda baryp bilmedi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan we Lebapdan maglumat berdiler.

"Şu gün irden Türkmenabat şäherinde durmuş durdy. Her edaradan iki adam welosiped ýörişine gatnaşdyryldy. Haýsy edarada welosiped bolmasa, şol edara welosiped we kaska satyldy. Welosipediň her biri 3000 we kaskanyň her biri 900 manada düşdi. Ýörişe gatnaşmaly edilen adamlaryň ählisi daňdan sagat 5-de Amyderýa köprüsiniň ýanynda üýşdi" diýip, Lebapdaky habarçymyz 7-nji aprelde aýtdy.

Türkmenabatda howanyň aşa tozanly bolmagy hem, häkimiýetleri bu mejbury çäreden el çekmäge getirmedi. Ýöne irden sagat 7-de başlamaly ýörişe 9-da badalga berildi.

"Howanyň ýaramazlygy, aşa tozanlydygy sebäpli köp adam maska dakyndy. Bu howada welosiped sürmek beýle-de dursun, dem almak hem kyn boldy" diýip, habarçy belledi.

Ýöriş sebäpli şäheriň bazarlarynyň tas ählisi, şeýle-de esasy köçeleri, şol sanda Bitarap Türkmenistan köçesi daňdan sagat 5-den 10:30-a çenli ýapyldy. Ulaglaryň we jemgyýetçilik transport serişdeleriniň hereketi ep-esli çäklendirildi.

"Şäheriň ýapylmadyk köçeleriniň ählisinde ulag dyknyşyklary emele geldi.Irden sagat 7-8 aralygynda köp işgär awtobuslaryň içinde oturdy.Soňra olar ýoluň açylmajakdygyna göz ýetirip, pyýada ýöräp, iş ýerlerine bardylar.

Edara ýolbaşçylary köçeleriň ýapykdygyny bilseler-de, işe gijä galdyň diýip, köp işgäre käýinç berdi.Olar daňdan sagat 5-de öýüňizden çykmaly ekeniňiz diýýärler" diýip, lebaply býujet işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, şäherde hereketiň çäklendirilmegi saglygy erbetleşen raýatlara-da ýaramaz täsir ýetirdi. Köçeleriň ýapykdygy sebäpli tiz kömek ulaglary barmaly ýerine wagtynda baryp bilmedi.

"Ýiti tozanly howada dürli saglyk näsazlyklaryndan ejir çekýän hassalaryň saglygy has-da ýaramazlaşdy. Demi gysyp, tiz kömek çagyran adamlar köp boldy. Ýöne tiz kömek ulaglary wagtynda baryp ýetişmedi. Gaty ýaramaz gün boldy" diýip, ýerli saglyk işgäri anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.

Habarçymyz bu ýörişden nägile bolup, häkimiýetlere gahar-gazap bildiren raýatlaryň hem köp bolandygyny aýdýar.

"Bu saglyk güni, ýöne häkimiýetler bu günde adamlaryň saglygyna zyýan ýetirýär. Adamlar wagtynda saglyk kömegini alyp bilmeýär" diýip, habarçy türkmenabatly bir ýaşaýjynyň aýdan sözlerini sitirledi.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz hem welosiped ýörişi zerarly ýollaryň ýapylyp, ulag hereketiniň çäklendirilendigini we munuň adamlaryň durmuşyna ýaramaz täsir edendigini habar berdi.

"Adamlar iş ýerlerine pyýada gitmäge synanyşdylar. Bu ýagdaý näsaglara has-da ýaramaz täsir etdi. Başga sebitlerden Aşgabadyň hassahanalaryna gelýän hassalar barmaly ýerine wagtynda baryp bilmediler" diýip, paýtagtdaky habarçymyz aýtdy.

Mary welaýatynyň merkezi şäheriniň Mollanepes köçesi hem ýapyldy. Irden sagat 6-dan 11-e çenli ulaglaryň hereketi çäklendirildi.

Sebitde geçirilen welosiped sürmek çäresine her edaradan 10 çemesi býujet işgäri gatnaşdyryldy. Etraplardan gelen býujet işgärleri ýörite ulag tutup, welosipedlerini ulaga ýükläp, öz ýaşaýan sebitlerine dolanmaly boldular.

"Çärä diňe býujet işgärleri däl, eýse mekdep okuwçylary we çagalar baglarynyň körpeleri hem gatnaşdyryldy. Sport eşikli bu çagalar, döwlet telewideniýesine reportaž taýýarlamak üçin, irden sagat 6-da öz gatnaýan mekdeplerine ýa-da çagalar baglaryna barmaly edildiler" diýip, sebitdäki habarçymyz aýtdy.

Şäherdäki köpçülikleýin çäreler günortan sagat 12-de gutardy. Şol wagta çenli köp köçede ulag dyknyşyklary emele geldi. Köp adam iş ýerlerine barmaly wagtynda baryp bilmedi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji aprelde geçiren iş maslahatynda "Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurtda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine" berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bilen bagly geçiriljek çärelere mundan iki hepde çemesi ozal taýýarlyk görlüp başlandy. 27-nji martda Balkan welaýatyndaky habarçymyz sport çäreleri üçin müňden gowrak döwlet işgäriniň etraplardan Türkmenbaşy şäherine getirilendigini aýtdy.

Türkmen hökümeti köpçülikleýin welosiped sürmek çäresiniň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, ekologik abadançylyk we daşky gurşawy goramak babatda habarlylygy ösdürmäge gönükdirilendigini aýdýar.

Bu öňe sürmeleriň arasynda, türkmen hökümeti halkara hasabatlarda daşky gurşawa agyr zyýan ýetirmekde tankyt edilýär.

Türkmenistanda, türkmen hökümetiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni yglan edilen, her ýylyň 3-nji iýunynda hem köpçülikleýin welosiped sürmek çäresi geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda welosipedli ýörişiň maddy çykdajylary ýene býujetçileriň “gerdenine ýüklendi”
Parižde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi
Balkanda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi, köçeler ýapyldy
Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi köpçülikleýin çäreler bilen bellär
Tbiliside Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýörişi geçirildi
Palestina Goldaw Ýörişleri Dowam Edýär