Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar.

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar.

Türkmenistan halkara ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky ornuny barha berkitmek bilen Ýewraziýanyň esasy logistika merkezine öwrülmegi maksat edinýär. Ýurtda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we häzirki zaman enjamlar bilen üpjün etmek babatda uly işler alyp barýar.

CentralAsia.news-yň habar berşi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda howa, deňiz we gury ýer ulaglarynyň maddy we tehniki binýady yzygiderli gowulandyrylýar. Täze desgalar gurulýar we howa menzilleriniň we deňiz portlarynyň mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar.

Ýurtda Turkish Airlines, S7 Airlines, China Southern Airlines, FlyDubai we Cargolux gatnawlary yzygiderli amala aşyrylýar. Aşgabat halkara howa menzilinde daşary ýurt awiakompaniýalaryna ýokary derejeli häzirki zaman hyzmatlary hödürlenýär.

Türkmen paýtagtyndaky halkara derejeli howa menzilinde 2023-nji ýylda tehniki gonuşlaryň 1000-den, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa 850-den gowragy amala aşyryldy. Şeýle hem tehniki we täjirçilik maksatly gonuşlar ýurduň Türkmenabat, Türkmenbaşy, Mary we Daşoguz halkara howa menzillerinde hem amala aşyryldy.

Mundan başga-da türkmen deňiz söwda floty Russiýa, Gazagystan, Azerbaýjan we Eýran portlaryna gatnawlary yzygiderli amala aşyrýar.Bu babatda ýurtda tankerleriň we ýolagçy gämileriniň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär.Umuman aýdylanda, Türkmenistan ulag infrastrukturasyny ösdürmekde we ýük daşamak hyzmatlaryny ýokarlandyrmakda uly ösüşlere eýe bolýar.

Howa we deňiz ulag ulgamlary boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň aragatnaşyk saklamagy Türkmenistana Ýewraziýanyň esasy logistika merkezi hökmünde ornuny berkitmäge kömek edýär.

Degişli ugurlar boýunça täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bolsa Türkmenistana ulag mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge we Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda girdejili logistika ugurlaryny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

China Southern Airlines Siandan Aşgabada yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär
China Southern Airlines Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň sanyny köpeldýär
Daşary ýurtlaryň uçarlary Türkmenistanyň howa menzillerine 1,5 müňden gowrak tehniki gonuşlary amala aşyrdylar
Hytaý ýurda gelýän Türkmenistanyň raýatlaryna bildirilýän talaplary üýtgetdi
China Southern Airlines Siandan Urumçiniň üsti bilen Aşgabada uçuşlary amala aşyryp başlady
Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi. Aşgabat bilen London birek-birege näme teklip edip bilerler?