Türkmenistan Dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynyň birinji gününde 2 altyn medal gazandy

Türkmenistan Dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynyň birinji gününde 2 altyn medal gazandy

Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçirilýän Dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynyň ilkinji bäsleşik gününde türkmen türgenleri iki sany altyn medala eýe boldular. 60 kg agramda final ýaryşynda fransuz türgeni Rişar Wernýeden üstün çykan Hakberdi Jumaýew biziň ýygyndy toparymyza birinji altyn medaly getirdi. 66 kg agramda aýgytly tutluşykda gazak türgeni Ýermek Amangeldiden üstün çykan Hekim Agamämmedow Türkmenistanyň ýygyndysynyň medal gaznasynyň üstüni ikinji altyn medal bilen doldurdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndysy medal sanaşygynda öňde barýar. Onuň yzyndan Fransiýanyň, Şweýsariýanyň, Kubanyň ýygyndylary gelýär. Bu gün erkekleriň arasynda üç agram toparyndaky (-90kg 100kg, +100kg) we zenanlaryň arasynda üç agram toparyndaky (-70kg, -78kg, +78kg) baýrak eýeleri kesgitlenilýär. Awstriýadaky turnire 38 ýurtdan 311 türgen gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy dünýäniň täzelenen reýtingindäki ýerini bildi
Dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanly dzýudoçylar Parižiň Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşarlar
Türkmenistanly türgenler Ýewropa oýunlarynda iki sany altyn medal aldy
Türkmen dzýudoçylar Tel-Awiw Gran prisine gatnaşar
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Tbilisidäki Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar
Türkmenistanly dzýudoçylar Türkiýe Uly tuwulgasyna gatnaşar