Türkmenistan gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagy we Galkynyş gaz känini özleşdirmegi maksat edinýär

Türkmenistan gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagy we Galkynyş gaz känini özleşdirmegi maksat edinýär

Nebitgaz toplumynyň ösüşi we tebigy gazy dünýä bazarlaryna çykarmak ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň (ÝET) esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.Degişli wezipeleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz ÝET-niň ýolbaşçylaryna çig mal çykarmak boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi we pudagy ösdürmegiň strategik ugurlaryny kesgitlemegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe möhüm wezipeleri öňe sürdi.

Birinji: iri gaz känleriniň biri bolan Galkynyş gaz känini senagat taýdan netijeli özleşdirmegi dowam etdirmek we türkmen gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak.Ikinji: geologiýa-gözleg işlerini işjeňleşdirmek, täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak. Üçünji: toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak, çykarylýan çig malyň harytlyk görnüşini gowulandyrmak hem-de ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge esasy üns bermek.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň prezidenti resmileri nebit-gaz önümlerini ýerlemek üçin bazar tapmaga howlukdyrýar
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
Türkmenistanyň we Bahreýniň wekilleri ÝET, syýahatçylyk we “Altyn asyr” köli barada maslahat etdiler
Türkmenbaşy porty, koreý mekdebi we 5G. Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň prezidentleri gepleşik geçirdiler
Türkmen mediasy RF-a gaz ibermegiň dikeldilendigi barada dymmagyny dowam etdirýär