Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar

Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň Malaý gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy.Gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir.Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmak ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir. Şunuň bilen birlikde, bu ulgamda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary Durnukly ösüşiň, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Bitarap Türkmenistanyň häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen syýasaty döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen daýhanlary pagta ekmek üçin sanly tehnologiýalary işjeň ulanýarlar
Türkmenistan ýeralma we sogan önümçiligini giňeldýär
Lebaply zenanlarda onkologiýa kesellerini anyklamaga gönükdirilen barlaglar geçirilýär
Türkmenabadyň tapdan düşen lagym ulgamlary sandan çykýar
Türkmenabadyň tapdan düşen lagym ulgamlary sandan çykýar
Lebapda şaly oragy tamamlandy. Sürüm traktorlary ýetmezçilik edýär
Lebapda pagta ýygym möwsümini 12-nji dekabra çenli dowam etdirmek göz öňünde tutulýar