Türkmenistan gazeti žurnalistleriň we mirasgärleriň arasynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistan gazeti žurnalistleriň we mirasgärleriň arasynda bäsleşik yglan etdi

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli Türkmenistan gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi bilen bilelikde, žurnalistleriň we mirasgärleriň arasynda Magtymguly, sözlär tili türkmeniň atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bu barada gazetiň şu günki sanynda habar berildi.

Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde (makalalarda we oçerklerde) Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda bolup geçýän taryhy wakalaryň, akyldar şahyryň döredijiligini bütin dünýäde dabaralandyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir.

Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň türkmen hem-de dünýä edebiýatynyň täze edebi tapyndylar bilen baýlaşmagyna ýetiren täsiri beýan edilmelidir.Oçerkler akyldar şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmäge uly goşant goşan şahsyýetlere, alymlara, magtymgulyşynaslara bagyşlanmalydyr.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler hödürleýän eserlerini Magtymguly, sözlär tili türkmeniň atly bäsleşige diýen ýazgy bilen Türkmenistan gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Erkin döredijilik mekany) ýa-da onuň elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler.

Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar.Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.

Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar 2024-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.

Bäsleşige gelip gowşan eserlere döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary baha berer.

Bäsleşik Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragy köňülleriň şamçyragy
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Iň eýjejik gyzjagaz — 2024 atly bäsleşigiň jemi jemlendi
Ýaşlyk joşguny
Türki dünýäsiniň medeni mirasy we Türkmenistan atly bäsleşik geçirilýär
Ikinji tapgyry geçiriler