Türkmenistan “Gazproma” geçen ýyl 10,6 milliard kubmetr tebigy gazy satdy

Türkmenistan “Gazproma” geçen ýyl 10,6 milliard kubmetr tebigy gazy satdy

Russiýanyň iň uly energiýa kompaniýasy “Gazprom” 2021-nji ýylda Türkmenistandan 10,6 milliard kubmetr tebigy gaz satyn aldy. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň sişenbe güni metbugat ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp, “Interfaks” resmi metbugaty habar berdi.

“Gazprom” 2019-njy ýylyň iýul aýynda “Türkmengaz” döwlet konserninden (2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli) tebigy gaz satyn almak barada bäş ýyllyk şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, Türkmenistandan "Gazproma" ýyllyk 5,5 milliard kubmetre çenli tebigy gaz iberiler.

“Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda Awgust aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda bu kompaniýa tarapyndan hereket edýän şertnama boýunça türkmen gazyny satyn almak we bu ulgamda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Gazpromyň” wekilhanasy 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýar.

Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 2023-nji ýylda özüniň tebigy gaz eksport ugurlaryny giňeltmek tagallalaryny ileri tutdy
Russiýa Özbegistana tebigy gaz satar
Gazprom Eýranyň Türkmenistanyň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek baradaky teklibini öwrener
Özbegistan Russiýadan gazy uzakmöhletleýin esasda satyn almakçy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “GAZPROM” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ MÜDIRIÝETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
Gazprom tebigy gazyň gorlarynyň 100 ýyla ýetjekdigini habar berdi
Gazpromyň başlygy Miller: rus gazynyň Aziýa bazarynda uly geljegi bar