Türkmenistan iýun aýyndan başlap ýolagçy otly gatnawlaryny artdyrar

Türkmenistan iýun aýyndan başlap ýolagçy otly gatnawlaryny artdyrar

Türkmenistanda 1-nji iýundan başlap synag hökmünde hepdäniň penşenbe we şenbe günleri TürkmenabatGazojak we GazojakTürkmenabat, TürkmenabatAmyderýa we AmyderýaTürkmenabat, MarySerhetabat we SerhetabatMary ugurlary boýunça ýolagçy otly gatnawlary ýola goýlar. Bu barada “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň web sahypasynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, synag gatnawlary häzirki wagtda dünýäde ýaýran COVID-19 ýokanjynyň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak üçin bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrylar.

“Demirýollary” AGPJ-i hepdäniň çarşenbe we anna günleri AşgabatMaryTürkmenabat, penşenbe we şenbe günleri TürkmenabatMaryAşgabat, AşgabatDaşoguz ugry boýunça ýekşenbe güni, DaşoguzAşgabat ugry boýunça duşenbe güni öň ýola goýlan ýolagçy otly gatnawlarynyň amala aşyrylmagyny dowam etdirer.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gitjek raýatlar üçin şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap her gün AşgabatTürkmenbaşyAşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlarynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär
“Demirýollary” AGPJ bilen “Türkmen Demirýol Ekspress” HJ amatly nyrhlarda müşderilere hyzmat edýär
Türkmenistanda täze wagon abatlaýyş zawodyny gurmak meýilleşdirilýär
Türkmenistanlylar demir ýollaryň çat açan böleklerine alada bildirýär
Türkmenistan CO2 zyňyndylaryny azaltmak üçin Türkmenabat-Türkmenbaşy demir ýoluny elektrifisirlemegi niýet edýär
28-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi deňiz suwuna düşürildi