Türkmenistan JIÖ-niň ösüşini ynamly saklaýar

Türkmenistan JIÖ-niň ösüşini ynamly saklaýar

Türkmenistanda Ministrler Kabinetiniň 5-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.Wise-premýer H.Geldimyradow ýurduň makroykdysady görkezijileriniň yzygiderli ýokary derejede saklanýandygyny habar berdi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabata kanagatlanma bilen baha berdi. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutany nebit we gaz, söwda, ulag we aragatnaşyk, şeýle hem oba hojalygy ýaly esasy pudaklaryň netijeli işländigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jemgyýetçilik-medeni ulgamda ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, sportda we medeniýetde amala aşyrylan üstünlikli özgertmelere aýratyn üns berdi.Döwlet Baştutany, şeýle hem ýurdumyzda senagat kärhanalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk merkezlerini, mekdepleri we çagalar baglaryny öz içine alýan täze desgalaryň gurluşygynyň işjeň dowam etdirilýändigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda sarp edijilik inflýasiýasy 2027-nji ýyla çenli 3,9% peseler
AÖB: 2021-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ 5 göterim, inflýasiýa 12,5 göterim ösdi
Angola dünýäniň kofe bazaryna dolanýar
Nebitiň bahasy sişenbede 6 göterime golaý ýitgi çekdi
Kuba ykdysadyýetde kriptowalýutalary ulanyp başlar
Ýaponiýanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 2021-nji maliýe ýylynyň jemi boýunça 2,1% artdy