Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygyna gatnaşdy

27-28-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan guralan Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 13-nji her ýylky duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşykda wekiliýete Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykda sebitde parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar, Owganystandaky ýagdaýlar ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem bu meseleleri çözmek babatda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen sebit hyzmatdaşlygynyň ugurlary dogrusynda pikir alşyldy.

Mundan başga-da, duşuşygyň barşynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi bilen sebitiň hökümetleriniň arasyndaky öňüni alyş diplomatiýasy bilen baglanyşykly ugurlar boýunça özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň hökümetleriniň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.

Şeýle-de duşuşykda Merkezi Aziýanyň hökümetleri bilen ýaşlarynyň arasynda Bäşinji dialog geçirildi. Sebitdäki bäş ýurduň ählisine wekilçilik edýän Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň gatnaşyjylary sebitiň geljegi baradaky garaýyşlaryny paýlaşmak üçin daşary işler ministrleriniň orunbasarlary bilen duşuşdylar diýip, çeşme belleýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýeti saparyň çäklerinde ÝHHG-niň Bişkekdäki akademiýasyna baryp gördi. Bu ýerde wekiliýetiň ýolbaşçysy M.Bäşimowa gatnaşyjylary Türkmenistanda bilim we ylym ugurlary, şeýle hem ýaşlar syýasaty bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Duşuşykda bu akademiýa bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany işläp düzmek meselesiniň üstünde işlemek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň herýylky duşuşygy
TIKA Bişkekde Agzaçar Berdi
8-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkiýe: Ykdysady krizis we migrasiýa syýasatynda jemgyýetçilik meýliniň üýtgemegi
Gyrgyzystanda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli brifing geçirildi
Gyrgyzysantyň ilçisi: Türkmenistanyň ynsanperwelik kömegi Gyrgyzystana ilkinji bolup ýetirildi