Türkmenistan milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň we 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň möhüm oýunlaryna taýýarlanýar

Türkmenistan milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň we 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň möhüm oýunlaryna taýýarlanýar

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň we 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogy saýlama tapgyryndan orun alan Eýranyň milli ýygyndysyna garşy geçjek möhüm oýunlardan öň Dubaýda türgenleşik geçirer.

Turkmenportala mälim bolşuna görä, 11-nji martdan 12-ne geçilýän gijede futbolçylar Birleşen Arap Emirliklerine ugrap, şol ýerde ýakyn wagtda geçiriljek oýunlara taýýarlanarlar. 14-nji martda Dubaýda türkmen ýygyndysy Gazagystanyň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Şondan soňra Mergen Orazowyň tälim berýän topary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň we 2027-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Eýranyň milli ýygyndysyna garşy duşuşyga gatnaşmak üçin Tährana uçar. Duşuşyk 21-nji martda meşhur Azadi stadionynda geçiriler.

Aşgabat şäherine gaýdyp gelenlerinden soň, türkmen futbolçylary 26-njy martda Eýranyň ýygyndysy bilen boljak jogap oýnuna taýýarlyk görerler.

Mart aýyndaky türgenleşik we saýlama oýunlary üçin Türkmenistan milli ýygyndysynyň gutarnykly düzümi ýakyn wagtda yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
13-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
25-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
26-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal