Türkmenistan Minsk traktor zawodynyň ýörite tehnikalaryny satyn aldy

Türkmenistan Minsk traktor zawodynyň ýörite tehnikalaryny satyn aldy

Minsk Traktor Zawody (MTZ) Açyk paýdarlar jemgyýeti şu ýyl ilkinji gezek Türkmenistana öz önümçiliginiň ýörite tehnikalaryny iberdi. Bu barada kärhananyň metbugat gullugynda habar berildi.

Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda MTZ önümlerini Hindistana, Ýemene, Mali, Mongoliýa, Kongo DR we Madagaskara eksport edip başlady. Kompaniýanyň eksporty 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 43% ösüşe eýe boldy. Hususan-da, tehnikalar GDA ýurtlaryna 79,1%, beýleki ýurtlara - 30% gowşuryldy.

Minsk traktor zawody paýdarlar jemgyýeti 1946-njy ýylda esaslandyryldy. Kompaniýa dünýäniň oba hojalyk tehnikasyny öndürijileriň ilkinji sekizligine girýär. MTZ müşderilerine dürli howa we iş şertleri üçin niýetlenen ýüzden gowrak gurnama görnüşinde dürli görnüşli maşynlaryň 62 nusgasyny hödürleýär.

Ýene degişli makalalar

Belarusda traktor güni bellendi
Traktor Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde ilkinji utugyny gazandy
Gurban Berdiýewiň ilkinji oýnunyň güni belli boldy
Traktor Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji oýnuny 22-nji awgustda geçirer
Lamborghini-niň esaslandyryjysy Awtoulag şöhrat zalyna girizildi
Serdar Azmun Gurban Berdiýewiň Traktora bellenmegindäki orny barada gürrüň berdi