Türkmenistan Owganystan boýunça Moskwa formatyndaky maslahatlaryň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystan boýunça Moskwa formatyndaky maslahatlaryň mejlisine gatnaşdy

20-nji oktiýabrda Russiýanyň paýtagtynda Owganystan boýunça Moskwa formatyndaky maslahatlaryň mejlisi boldy.Oňa 10-dan gowyrak ýurdyň wekilleri şol sanda, Talyban hökümetiniň wekiliýeti gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýetine DIM-niň orunbasary Wepa Hajyýew ýolbaşçylyk etdi diýip Türkmenistanyň DIM-gi habar berýär.

Diplomatyň öz çykyşynda bellemegine görä,şeýle formatdaky duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi owgan topragynda we onuň çäklerinden daşarda durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen täze çemeleşmeleri we utgaşdyrylan çözgütleri işläp düzmäge kömek edýär.

“Türkmenistan goňşy döwlet hökmünde Owganystanda syýasy durnuklylyga we howpsuzlyga,owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine, gapma-garşylyklaryň asuda,syýasy-diplomatiýa serişdeler arkaly çözülmegine juda gyzyklanýar” diýip Hajyýew aýtdy.

Russiýanyň DIM-i Sergeý Lawrowyň öz çykyşynda “öňki Owgan prezidenti Aşraf Ganiniň ýolbaşçylygyndaky hökümetden garaşylanlar amala aşmady” diýendigini ýurdyň DIM-gi bildirdi.

“Häzir häkimiýet başynda täze adminstrasiýa.Bu fakt “Talyban“ hereketiniň öňünde uly jogapkärçilik goýýar. Olaryň harby-syýasy ýagdaýlary durnuklaşdyrmak, döwlet apparatynyň işlerini ýola goýmak ugrundaky tagallalaryny belleýäris” diýip diplomat aýdýar.

“Owganystanyň territoriýasynyň üçünji ýurtlaryň bähbidine ilkinji nobatda, Owganystanyň ýakyn goňşylaryna- Merkezi Aziýa ýurtlaryna, dostlarymyza we ýaranlarymyza garşy ulanylmagynyň öňüni almak çyzgylaryny pugta berjaý etmäge Talyban’ hereketini çagyrýarys” diýip Russiýanyň DIM-i Lawrow nygtaýar.

The post Türkmenistan Owganystan boýunça Moskwa formatyndaky maslahatlaryň mejlisine gatnaşdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Koş Tepa kanalynyň gurluşygy serhetaşa derýalardan peýdalanmagyň halkara kadalaryna ünsi çekýär
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy
Lawrow: "Ysraýylyň Palestinanyň halkyny köpçülikleýin ýagdaýda jezalandyrmagy kabul edilmesizdir"
Abdullahiýan Bilen Lawrow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Lawrow söýgüli naharlaryny agzady
Russiýanyň Döwlet baştutany Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Lawrow: "ABŞ Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde NATO-nyň infrastrukturasyny berkitmäge synanyşýar"