Türkmenistan Täjigistan parlamentara dostluk toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi

13-nji noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki sessiýasynyň çäginde Türkmenistan-Täjigistan parlamentara dostluk toparlarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk, şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, täze derejelere çykarylmagy bilen bagly meseleler barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenildi.

Häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygy barada aýdyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda guralýan saparlaryň, geçirilýän şeýle duşuşyklaryň we gepleşikleriň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde hem iki dostlukly ýurduň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny Parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Çeşme: mejlis.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Malaýziýa Türkmenistanа halal senagaty boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi
Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Mejlisi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti GDA döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň plenar mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar
Gruziýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellendi