Türkmenistan tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrýar

Türkmenistan tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça strategiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde tebigy gazyň çykarylyşyny düýpli artdyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.Bu resminama Türkmengaz döwlet konserniniň Galkynyş gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegi düzgünleşdirýär.

Karara laýyklykda Türkmengaz döwlet konserni Hytaýyň CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.Taslama ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazyny taýýarlaýan desganyň we şol bir möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularynyň taslamasyny we gurluşygyny öz içine alýar.

Bu çäre döwletiň energiýa kuwwatyny pugtalandyrmakda we gaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde möhüm ädim bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
“Türkmengaz” döwlet konserni Hytaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşar
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistanda Galkynyşgaz täze döwlet kärhanasy döredildi