Türkmenistanda Galkynyşgaz täze döwlet kärhanasy döredildi

Türkmenistanda Galkynyşgaz täze döwlet kärhanasy döredildi

18-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmengaz döwlet konserniniň düzüminde Galkynyşgaz döwlet kärhanasyny döretmek hakyndaky Karara gol çekdi. Ýöriteleşdirilen kärhananyň döredilmegi nebitgaz pudagyndaky iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi amala aşyrmak zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Galkynyşgaz kärhanasynyň wezipelerine daşary ýurtly potratçylar bilen işleri utgaşdyrmak, desgalaryň gurluşygyna monitoring geçirmek hem-de täze kuwwatlyklar ulanmaga berleninden soňra, olary dolandyrmak we ulanmak işleri girer.Täze düzümiň işi üçin Hytaýyň CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.

kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esas bolar.Bu ylalaşyk ýylda 10 milliard kubmetr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň taslamasyny düzmegi we gurmagy, şeýle hem gazyp almagyň bellenilen möçberlerini üpjün etmek üçin zerur bolan ulanyş guýylaryny burawlamagy we abadanlaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Wise-premýer G.Agajanowyň habar bermegine görä, bu kärhananyň döredilmegi Galkynyş ýatagynda öňdebaryjy tehnologiýalary has netijeli ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna gönüden-göni täsir edýändigini belläp, taslamanyň ähli tapgyrlarynyň kemsiz ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
“Türkmengaz” döwlet konserni Hytaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşar
Türkmenistan tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrýar
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi