Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we türkmen tebigy gazynyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.Resminama laýyklykda, Türkmengaz” döwlet konsernine “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
“Türkmengaz” döwlet konserni Hytaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşar
Türkmenistan tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrýar
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistanda Galkynyşgaz täze döwlet kärhanasy döredildi