Türkmenistan we Özbegistan bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna gol çekdiler

Türkmenistan we Özbegistan bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna gol çekdiler

1-nji noýabrda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow 2023-2024-nji ýyllar üçin Bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyna (Ýol kartasyna) gol çekdiler.

Ýol kartasy Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ýokary derejeli saparlaryň netijesinde baglaşylan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçiriliş möhletini kesgitlemek üçin işlenip düzüldi.

Resminamada syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky bilelikdäki işler we energetika, ulag-logistika, şeýle hem suw pudagy we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlar göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Özbegistan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri
Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň Awazada dynç alşyny üpjün eder we beýleki habarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Sammiti geçiriler
Türkmenistanyň täze ilçisi Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysyna ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy