Türkmenistan XV Bütindünýä tokaý Kongressine gatnaşdy

Türkmenistan XV Bütindünýä tokaý Kongressine gatnaşdy

2-nji maýda Seul şäherinde ministrler derejesindäki XV Bütindünýä tokaý Kongressi öz işine başlady. Kongressiň açylyş dabarasyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr neşiri habar berýär.

Halkara maslahata dünýäniň 144 ýurdundan degişli pudaklaryň 33 sany ministrleri we orunbasarlary, şeýle-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýet, Seul şäherinde ýerleşýän daşary ýurtlaryň Ilçileri we diplomatlary umuman alanyňda 12,500 töweregi wekil agzalary gatnaşdylar.

Kongressiň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň tokaý gullugynyň ýolbaşçysy Çoi Býuňyň we Merkezi Aziýa döwletleriň oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Koreýa we Merkezi Aziýanyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyk” atly plenar mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň sanly ulgam arkaly çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrmak, hususan-da ekologiýa diplomatiýasyny öňe sürmek bilen, daşky gurşawy goramak döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir diýip belledi.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine Şäherlerdäki baglar atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamana berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

XV Bütindünýä tokaý Kongressiň işi şu ýylyň 6-njy maýyna çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-dan Ysraýyla Ok-däri Ugradylmagy Bes Edildi
ABŞ PKK/ÝPG Üçin 156 Million Dollar Bölüp Berdi
Russiýanyň Ukraina uruşynda esgerleriniň 87 göterimini ýitirendigi öňe sürüldi
Medwedew: "NATO bilen gönüden çaknyşyk howpy bar" diýdi
ABŞ, Ukraina 175 Million Dollarlyk Goşmaça Harby Kömek Berer
“Gazada Şehit Edilen Her 3 Adamdan 2-si Çagalardan, Bäbeklerden we Zenanlardan Ybarat”
Hindistanyň dolandyryjy partiýasy dört esasy ştatyň üçüsinde ýeňiş gazandy