Türkmenistana Özbegistanda öndürilen Nike krossowkalary eksport edilýär

Türkmenistana Özbegistanda öndürilen Nike krossowkalary eksport edilýär

Türkmenistana Özbegistanda Sino International tarapyndan öndürilen Nike krossowkalary eksport edilýär. Bu barada Uzdaily habar berdi.

Transmilli Nike kompaniýasy 2019-njy ýylda öz brendi bilen Özbegistanda sport aýakgaplaryny öndürmäge resmi taýdan rugsat berdi. Uzcharmsanoat birleşigi tarapyndan Amerikan markasyny Özbegistana çekmek üçin işlenip düzülen ýörite strategiýa esaslanyp, Özbegistan häzir wagtda Nike maşgalasynyň öndürijileriniň hataryna goşuldy.

Önümçilik tapgyryny işe girizmek üçin Sino International Nike tarapyndan 5 ýylyň içinde talap edilýän ähli halkara hil standartlaryny doly durmuşa geçirdi. Hususan-da, käbir önümçilik tapgyrlary döredildi, işgärler üçin oňat iş şertleri we ýokary hilli gözegçilik guraldy.

Häzirki wagtda Sino Internationalda 50 adam işleýär. Sport aýakgaplarynyň oltaňyny we üstki bölegini döretmek üçin tapgyrlar işe girizildi. Özbek hünärmenleriniň başarnyklaryny Nike-niň Hytaý şahamçasynyň tehnologlary, dizaýnerleri we tikinçileri ösdürýärler. Häzirki wagtda kompaniýa günde 6000 jübüt krossowka öndürýär. Ýylyň ahyryna kärhananyň kuwwaty iki esse artdyrmak meýilleşdirilýär.

Nike-niň strategiýasyna laýyklykda, Özbegistanda öndürilen krossowkalar Merkezi Aziýanyň, Pakistanyň we soňra Ýewropanyň bazarlaryna iberiler.

Nike her bir sport aýakgap öndürýän ýurt üçin resmi ştrih-kod berýär. Özbegistan hem bu ştrih koduny aldy. Bu bolsa Andijandaky kärhananyň dünýä brendiniň krossowkalarynyň ähli modellerini öndürmäge hukugynyň bardygyny aňladýar.

Sino International tarapyndan öndürilen önümler häzirki wagtda Özbegistan, Gazagystan, Türkmenistan we Täjigistan bazarlaryna iberilýär. Geljek ýyldan önümler Pakistana hem iberiler.

Habarda bellenilişi ýaly, Sino International häzir wagtda Adidas brendi bilen önüm öndürmegi özleşdirmegi maksat edinýär we bu ugurda işler eýýäm başlandy.

Ýene degişli makalalar

Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Stol futboly
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan krossowkalar
Türkmenistanyň ýük awiaparky ilkinji Airbus uçary bilen dolduryldy, Serdar Berdimuhamedow Katara resmi sapary amala aşyrar, Aşgabatda TSTB-2023 sergisiniň ikinji güni dowam edýär we beýleki habarlar
Adidas Nike şereketini patentleriň düzgünini bozmakda aýyplap, kazyýete berdi