Türkmenistana uçarly barýanlar ýene-de karantine ýerleşdirilýär

Türkmenistana uçarly barýanlar ýene-de karantine ýerleşdirilýär

Türkmenistana daşary ýurtlardan uçarly barýan ýolagçylar ýene-de karantine salnyp başlady. Bu, ýurduň lukmançylyk edaralaryna barýanlardan maska dakynmagyň gaýtadan talap edilip başlan döwrüne gabat geldi. Türkmen hökümeti tomusyň başynda adaty uçar gatnawyny dikeltdi, şeýle hem ýurda gelýän ýolagçylar üçin hökmany izolýasiýany we ilatdan maska dakynmak talaby ýaly karantin çäklendirmelerini ýatyrdy.

11-nji iýulda Dubaýdan gelen reýsiň ýolagçylary karantine ýerleşdirildi. Uçar şol gün sagat 15: 00 töwereginde Türkmenabadyň halkara howa menziline gonupdyr. Bu barada Azatlygyň çeşmeleri habar berdiler.

"Dostumyz Dubaýdan Türkmenabat şäherine uçdy, ýöne näbelli sebäplere görä Türkmenabat şäherine gelensoň ýolagçylar goýberilmedi we karantine ýerleşdirildi" -diýip, Dubaýdaky çeşme aýdýar.

BAE-den Türkmenistana gaýdan uçaryň ýolagçylarynyň ýakynlarynyň habar bermegine görä, olar öz hossarlarynyň öýlerine barmansoň izolýasiýa edilendigini bilip galypdyr. Soň garyndaşlary Dubaýdan gelen ýolagçylaryň Türkmenabatdaky esasy karantin zonasynda ýerleşdirilendigini bilipdir.

11-nji iýulda Dubaýdan baran uçaryň ýolagçylarynyň izolýasiýa edilmeginiň sebäpleri belli däl. Azatlyk Radiosy Türkmenabadyň aeroportunda we saglyk edaralarynda resmi taýdan düşündiriş alyp bilmedi.

Türkmenistan halkara uçar gatnawlaryny maý aýynyň ahyrynda bölekleýin dikeltdi. Hususan-da, Dubaýa hepdede iki gezek uçar gatnaýar. Halkara reýsleri bilen gelýän ýolagçylar karantine salynmandy. Hökümetiň guraýan çarter reýsleri bilen Türkmenistana getirilýänler bir hepdelik karantinde bolmaly bolýar.

Ýüzlerçe müň türkmen raýatynyň ýaşaýn ýurdy bolan Türkiýeden Türkmenistana uçar gatnamaýar. Bu aralykda, Azatlygyň Dubaýdaky çeşmeleri BAE-de Türkmenistana barmak üçin Türkiýeden baran ýüzlerçe türkmenistanlynyň ýerli myhmanhanalarda galyp, garaşýandygyny habar berýär.

Çeşmelere görä, türkmenistanlylar Dubaýdan Türkmenistana bilet satyn almakda kynçylyk çekýärler. Bilet satyn almak mümkinçiligini gözleýänleriň köpüsi goşmaça çykdaja galýarlar we ýaşamaga jaý üçin tölemeli bolýarlar.

"Türkmen howa ýollarynyň uçarlaryna bilet satyn almak kyn. Dubaýyň howa menzilinde bilet satylmaýar. Bu biletleri Türkmenistandan satyn alyp berjek bolsalar, bron etmek üçin 1000 dollar talap edilýär" - diýip, çeşme aýdýar. Onuň sözlerine görä, şu wagt Dubaýdaky myhmanhanalarda bir gije üçin adam başyna azyndan 15 dollar gerek bolýar.

Ondan öň Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary halkara uçarlaryna bilet satyn almakdaky kynçylyklar barada habar berdiler. Dubaýa gatnaýan uçarlara bir biletiň resmi bahasy 6000 manat, emma köplenç resmi bahadan biletler elýeterli däl. Bilet üçin berilýän para biletiň bahasyny ep-esli ýokarlandyrýar.

Dubaýdaky türkmen raýatlarynyň Türkmenistana gidip bilmänsoň, Türkiýä dolanmaga mejbur bolmagy seýrek däl.

Türkmenistandan Dubaýa (BAE) yzygiderli uçar gatnawy 30-njy maýda gaýtadan başlandy. 1-nji iýunda Gazana we 1-nji iýulda Moskwa uçarlar ýola goýuldy. Iýun aýynyň başynda ýurduň häkimiýetleri beýleki ýurtlara halkara gatnawlaryny dowam etdirmek isleýändiklerini mälim etdiler. Şol wagtda ýurtda ilatdan maska dakynmak talaby hem aýryldy.

Ýaňy-ýakynda Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň keselhanalaryna barýanlardan ýene-de medisina maskalaryny dakynmagyň talap edilýändigini habar berdiler. Saglyk işgärleriniň aýtmagyna görä, bu talap koronawirusyň ýaýramagynyň täze tolkuny bilen baglanyşykly.

Habarçy bilen gürleşen lukmanyň sözlerine görä, daşary ýurtlardan gelenlerde koronawirus tapylyp, maska režiminiň dikeldilmegi we beýleki çäklendirmeleriň girizilmegi ähtimal. Koronawirus keseliniň tapylmagy resmi derejede tasyk edilmedi.

Türkmenistan ýurtda koronawirusyň ýokdugyny şu günki güne çenli öňe sürýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen raýatlary 10-njy noýabra çenli Türkiýeden çykmaga howlugýarlar
Türkmenistandan Türkiýä ýol çykdajylary $1000-dan geçdi
Türkmenistandan Moskwa we Gazana uçar biletleri satylanok
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Russiýada Kazan ― Türkmenabat gatnawynyň biletleri onlaýn satylyp başlandy
Russiýanyň S7 Airlines awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli gatnawlary dikelder
Türkmenler Orsýetdäki harby mobilizasiýa garamazdan, bu ýurda göçmegini dowam etdirýärler